JEMGYÝET

Lebap welaýat häkimliginde dabaraly maslahat geçirildi

Düýn Lebap welaýat häkimliginde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ― beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, welaýatyň edaralarynyň, kärhanalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri  gatnaşdylar.

Maslahatda berkarar döwletimizde üstünlikli alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, onuň miweleri barada aýdylyp, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Onda myhmanlardan başga-da, welaýat häkimliginiň, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, welaýat kitaphanasynyň, oba hojalyk, bilim işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş etdiler we türkmen ýaşlarynyň özlerine bagyşlanan ýyly üstünliklere beslemäge goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: