Lebap welaýat häkimligi bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň Tertibiniň taslamasyny taýýarlamaga gatnaşdy
Türkmenistanda senagat howpsuzlygy çygrynda bilermenleriň hünär synagyny geçirmegiň
Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Hökümetiň 14-nji martda geçirilen mejlisinde
aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda,
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler, pudak edaralary,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy namanyň taslamasynda bilermenleri hünär synagyndan geçirmegiň tertibi we möhletleri, talap edilýän resminamalaryň sanawy, hünär synag toparynyň işiniň düzgünleri kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutany önümçilik desgalarynyň kadaly ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanan resminama gol çekdi we ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberip, degişli tabşyryklary berdi.