MEDENIÝET

Lebap welaýat döwlet arhiwi 85 ýaşady

Lebap welaýat döwlet arhiwi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda 85 ýyllygyny garşylady. Arhiw şu döwürleriň dowamynda taryhy ähmiýetli resminamalary toplamak, saklamak we öwrenmek bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň pudaklaýyn arhiwleriniň işine kanunçylyk talaplaryny ornaşdyrmakda hem usuly taýdan goldaw berýär. Şeýle hem raýatlaryň ýüztutmalaryny kanagatlandyrmak, işlän ýyllaryna degişli maglumatlary taýýarlamak we jemgyýetçilik ähmiýetli resminamalaryň gözleglerini geçirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.
Arhiwiň işgärleri kagyz we elektron görnüşdäki milli resminama mirasyny toplamak we aýawly saklamak işlerini dowam etdirýärler. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi baradaky maglumatlar maslahatyň dowamynda bellenilip, bu derejäniň halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan parahatçylyksöýüjilik däplerini äşgär edýändigi nygtaldy. Şeýle hem Bitaraplygyň durnukly ösüşe, döwletleriň arasyndaky özara hormat we parahatçylyk ýörelgelerini berkitmäge hyzmat edýändigi barada aýdylýar.