Lebap welaýat çaphanasynda ýylyň nyşany ýerleşdirilen önümler öndürilýär
Geçen ýylyň netijeleri boýunça Lebap welaýat çaphanasynda 5 million 987 müň 166 manatlyk neşir önümleri taýýarlanylyp, meýilnama 108,7 göterim ýerine ýetirildi.
Bu ýerde ýylyň ilkinji günlerinden ýylyň şygary bilen baglanyşykly neşir önümler öndürilip başlandy. Ýylyň şygary bilen baglanyşykly önümleriň mazmunyny baýlaşdyrýan, daş görnüşini göze gelüwli edýän täzelikler girizildi.
Harytlyk önümleriň esasy bölegini senenamalar, depderler, gündelikler, surat we çyzuw depderleri, çakylyklar, okuw kitaplarydyr gollanmalar, salgynamalar hem-de gutlagnamalar, edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda dürli görnüşli resminama kagyzlary, şeýle-de gaz, suw, elektrik togy üçin töleg kitapçalary, hasaphana üçin kitaplar, bukjalar, maglumat kitapçalary düzýär. Çap edilýän önümleriň hili esasy üns merkezinde saklanylýar. Şol sebäpli welaýatyň telekeçilerinden, şahsy taraplardan gelýän sargytlar hem yzygiderli artýar.