- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Lebap welaýat çaphanasynda önümçiligiň depgini ösýär

Lebap welaýat çaphanasynda şu ýylyň on aýynyň dowamynda bäş million manatlyk önüm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende, bir ýarym million manat artyk önümiň öndürilendigini aňladýar.

Bu ýerde müşderilere çaphana hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödür edýärler. Üstümizdäki okuw ýyly başlanmazyndan ozal ikinji synp okuwçylary üçin rus dilinden iş depderlerini mekdeplere gerekli mukdarda taýýarladylar. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň buýurmasy boýunça kanunçylyk namalarynyň ýygyndysy neşir edildi. Ýylyň başyndan bäri kärhanada kitap we kitap önümleriniň üç ýüz müňe ýakyny çykaryldy. Olaryň arasynda çeper edebiýatlar, ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin okuw gollanmalary we  beýlekiler bar. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler üçin ýazuw depderleri, mekdep okuwçylary üçin surat albomlary, dürli görnüşler bilen bezelen senenamalar, ýandepderçeler we beýlekiler çaphananyň önümleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýärler. Şonuň ýaly-da, bu ýerde blanklaryň we iş resminamalarynyň dürli görnüşleri hem taýýarlanyldy. Çaphanada «Türkmen gündogary» gazetiniň sekiz million bäş ýüz müň töweregi nusgasy çap edildi.