Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň zalynda uly dabara geçirildi
Welaýatyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň arasynda orkestr toparlarynyň bäsleşigi sungatyň şowhunly baýramçylygyna öwrüldi . Eýýäm ençeme ýyldan bäri däp bolup gelýän bu bäsleşik, diýseň gyzykly we çekelleşikli geçirilip, oňa eminler toparyna Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri we Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymlary eminlik etdiler.
Bäsleşigiň şerti boýunça üç sany eser meýilnamada göz öňünde tutulyp, olaryň biri daşary ýurt kompozitorynyň, ikinjisi nusgawy türkmen kompozitorynyň eserleri we üçünjisi halk sazynyň täzeden işlenen görnüşi ähli toparlar üçin hökmany ýerine ýetirilmeli eser edip saýlanyldy. Topar ýolbaşçylaryň bu bäsleşige gaty jogapkärli taýýarlanyp, eserlere görä orkestriň düzümindäki saz gurallary ýerlikli ulanmagy, ýerine ýetiriji sazandalaryň okuwçydygyna seretmezden olaryň hyjuwly we ezberlik bilen saz guralynda çalmagy, bäsleşigiň has – da gyzykly geçmegine uly ýardam berdi.
Topar ýolbaşçylaryň öz işine nä derejede höweslidigini we ussatdygyny, döwrebap täzeçe usullara hem batyrgaý girişýändigini olaryň saýlap alan eserleri subut edýär. Olardan Çärjew etrap çagalar sungat mekdebiniň , Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň , Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň we Türkmenabat çagalar sungat mekdebiniň döredijilik toparlaryny aýratyn bellemek hökmanydyr.
Bäsleşigiň soňunda adalatly emin agzalar dirižýorlara we okuwçylara gymmatly maslahatlar bermek bilen özleriniň çykaran netijesi boýunça Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çagalar sungat mekdebine we Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň çagalar sungat mekdebine III orny, Çärjew etrabynyň çagalar sungat mekdebine we Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäheriniň çagalar sungat mekdebine II orny, Lebap welaýat çagalar sungat mekdebine we Türkmenabat şäheriniň № 2-nji çagalar sungat mekdebine I orny yglan edip, topar ýolbaşçylaryny Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň adyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylagladylar.
Batyr ÝAZMYRADOW,
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktory.