MEDENIÝET

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde şanly seneler mynasybetli konsertler taýýarlanylýar

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde şu günler Halkara Bitaraplyk güni
we Täze ýyl baýramlary mynasybetli täze aýdym-saz we tans eserleriniň
üstünde işlenilmäge girişildi. Bu işlere mekdebiň ähli mugallymlary we
okuwçylary işjeň gatnaşýarlar.
Welaýat derejeli iri dabaralarda hemişe-de täze çykyşlary bilen begendirýän
zehinli ýaşlarymyz halypalarynyň ýolbaşçylygynda golaýlaşyp gelýän şanly
seneler mynasybetli täze aýdym-saz eserlerini ezberlik bilen özleşdirýärler.
Döwlet derejesindäki iri bäsleşiklerde ýeňiji bolan käbir toparlarymyz bolsa
birbada çykyşlaryň birnäçesini taýýarlaýarlar. Bu işde Jemal Reýimowa, Suraý
Sardarýan ýaly kärdeşlerimiz has işjeňlik görkezýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: