MEDENIÝET

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde meşhur kompozitorlaryň ýadygärlik ýazgylary saklanylýar

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebi ýurdumyzyň sungat ulgamynda baý taryhy we özboluşly däpleri bilen tapawutlanýar. 1937-nji ýylda döredilen bu sungat ojagy ýurdumyzda açylan ilkinji sungat mekdepleriniň bäşisiniň biri bolup, häzirki wagtda hem iň göreldeli okuw-terbiýeçilik merkezleriniň hatarynda durýar. Mekdepde zehinli ýaşlary sungatyň ajaýyp dünýäsine ugrukdyrmakda halypa mugallymlaryň hyzmaty örän uludyr. Häzirki wagtda bu ýerde 505 sany çaga sungatyň 21 görnüşi boýunça başlangyç hünär alyp, 80-den gowrak ussat mugallymyň elinde bilim-terbiýe alýar.
Mekdebiň taryhy bilen ýakyndan tanyşdyrýan aýratyn gymmatly baýlyklaryň biri hem — bu sungat ojagyna köp ýyllap ýolbaşçylyk eden, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Jumabaý Rozyýewiň başlangyjy bilen döredilen ýadygärlik ýazgylar kitabydyr. Bu kitapda dürli ýyllarda mekdepde bolup, mugallymlara we ýaşlara ussatlyk sapaklaryny beren sungatyň meşhur wekilleriniň ýadygärlik ýazgylary saklanylýar. Şolaryň hatarynda 1939—1941-nji ýyllarda mekdebe ýolbaşçylyk eden belli kompozitor Gurban Kulyýew, şeýle hem Moskwanyň döwlet simfoniki orkestriniň dirižýory Sergeý Dorenskiý, Ýewgeniý Mogilewskiý, kompozitorlar Çary Nurymow, Rejep Rejepow, Baýram Hudaýkulyýew ýaly sungat ussatlarynyň atlary hormat bilen agzalýar. Bu ýadygärlik ýazgylar mekdebiň sungat ýolunyň dowamlylygyny, halypa-şägirtlik däbiniň mizemezligini we milli sungatymyzyň nesilden-nesle geçýän gymmatly mirasdygyny aýdyň görkezýär.