MEDENIÝET

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde dabaraly çäre geçirildi

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde baýramçylyga bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Bu mekdebiň mugallymlarynyň hem-de zehinli okuwçylarynyň taýýarlan «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň, uz bolar» atly aýdym-sazly dabarasyna welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmenleri, welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
 Dabaranyň dowamynda görnükli kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Çary
Nurymowyň, Aman Agajykowyň, Gurban Kulyýewiň, Baýram Hudaýnazarowyň,
mukamçy kompozitor Ýagmyr Nurgeldiýewiň we beýlekileriň türkmen nusgawy
edebiýatynyň sakasynda duran Magtymguly Pyragynyň çuňňur filosofik goşgularyna döreden sazlarynyň hem-de aýdymlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi bu mekdepde okaýan zehinli ýaşlaryň sungat älemine ynamly gadam basýandyklaryny subut etdi.
 Ýeri gelende, welaýat çagalar sungat mekdebinde okaýan zehinli okuwçylaryň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýändiklerini bellemek buýsançlydyr. Ýaňy-ýakynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA agza döwletleriň Birinji açyk çagalar delfiý oýunlaryna bu sungat mekdebinde okaýan çagalaryň üçüsiniň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri, bäsleşikde mekdebiň skripka hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Milara Tahyrjanowanyň 3-nji baýrakly orna eýe bolmagy ýokarda aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär. Welaýat çagalar sungatmekdebinde geçirilen bu dabaranyň dowamy bäsleşiklerde ýeňiji bolan
okuwçylara Hormat hatlarynyň, Diplomlaryň we sowgatlaryň gowşurylmagy bilen utgaşyp, sungatyň geljegi bolan zehinli ýaşlaryň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: