Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildiriş arkaly Lebap welaýat alyjylar birleşigine degişli desgalaryň üçüsiniň satlyga goýulýandygyny habar berdi.
Satyljak desgalaryň hatarynda «Dostluk» alyjylar jemgyýetiniň öňki «Amyderýa» söwda kärhanasynyň (Köýtendag etrabynyň Amyderýa şäherçesi), Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň limon ýyladyşhanasy (Hojambaz etraby, Kerkiçi ― Farap awtoýoly) we Köýtendag etrap alyjylar jemgyýetiniň «Jeýhun» naharhanasy (Kerkiçi şäheriniň Magtymguly köçesi) bar.
Bäsleşikli söwda 17-nji oktýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda geçirilýär.
Lebap welaýat alyjylar birleşiginiň üç desgasy satlyga goýuldy
14
Oct
