«Lebap» topary üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Aşgabat şäherinde 2002-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirlen duşuşyklaryň jemi boýunça belli boldy. Oýunlarda lebaply türgenlere taý gelen tapylmady.

Ýaryşa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 8 topar gatnaşdy. Lebap welaýatynyň ýygyndy topary Ahal,  Balkan welaýatlarynyň, Aşgabat şäheriniň toparlaryny ýeňip ýarym finala çykmagy başardy. Indiki duşuşykda «Lebap» Aşgabadyň «Olimpi» bilen oýnady. Esasy wagtda toparlaryň ikisiniň hem hiç hili utuk gazanmanlygy üçin, oýnuň çözgüdini 11 metrlik urgular çözdi. Bu gezek «Lebabyň» oýunçylarynyň urgulary has takyk boldy. Finalda Mary welaýatynyň toparyndan üstün çykyp, «Lebap» üçünji gezek çempion diýen ady saklap galdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: