«Lebap» söwda merkezindäki haly dükanynda aýda 1 müň inedördül metre çenli önüm satylýar
Işewür telekeçi Gülälek Umarowa ýanýoldaşy Maksat Rozymyradow bilen 2013-nji
ýylda ýüpek we ýüň halylaryň önümçiligini ýola goýdy. Çagalykdan belet bolan
hünäri we ejesi Ogulsadap Umarowanyň halypalyk maslahatlary Gülälege bu işde
uly goldaw boldy.
Turuwbaşdan çuňňur oýlanyşykly girişilen haly önümçiligi günsaýyn rowaçlandy.
Gülälek ilkibada haly dokamaga höwesek gelin-gyzlaryň birnäçesini jemläp, olar
bilen zähmet şertnamasyny baglaşdy. Olary zerur bolan zähmet gurallary we
amatly iş şertleri bilen üpjün etdi. Şeýle hem halyçylaryň ukyp-başarnyklaryny
artdyrmaklary barada aladalandy. Ynha, şeýdip, halyçylaryň hersi sargytlar
esasynda haly dokamaklyga girişdiler.
Sargytlara görälikde her aýda, ortaça, 500-den 1 müň inedördül metre çenli haly we
haly önümleri dükana gowuşýar. Dürli ölçegdäki we reňkdäki owadan, nepis
halylaryň hem-de haly önümleriniň görnüşi 100-den geçýär. Işleriň gidişi barada
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de syýasy
partiýasynyň agzasy Gülälek Umarowa şeýle gürrüň berýär:
— Ildeşlerimiz bu halylary «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän haly
dükanymyzdan satyn alýarlar. Şeýle-de biz ýüpek halylary goňşy Özbegistan
döwletine-de eksport etdik. Täze jaýlara göçüp barýan ildeşlerimiz otaglarynyň
ölçeglerine görä halylary yzygiderli sargyt edýärler. Edara-kärhanalaryň
buýurmalary esasynda-da dürli göwrümli halylary dokaýarys. Sowgatlyk üçin
niýetlenilen haly önümlerimizi bolsa ak bazarlarymyza we söwda nokatlaryna
iberýäris. Işimiziň esasy maksady müşderileriň haly we haly önümlerine bolan
islegini kanagatlandyrmakdan ybarat bolup durýar.