YKDYSADYÝET

«Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär

Köýtendag etrabynyň çäginde «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depgin bilen dowam edýär. Zawodyň täze tapgyrynyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.

Zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berlipdir. Şu günler zawodyň gurluşygynda ýerli hünärmenleriň 650-den gowragy işleýär. Täze tapgyryň umumy kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sementi öndürmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň tonna çenli önüm öndürip boljakdygyny görkezýär.

Eger zawodyň birinji tapgyrynda portland sementiniň «S-400» we «S-500» görnüşleri öndürilip, sarp edijilere ýetirilen bolsa, täze tapgyrda has ýokary hilli «S-600» görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar. Önümler dünýäniň we ýurdumyzyň standartlaryna doly laýyk geler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: