Lebap sement zawodynda 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 406 müň tonna golaý sement öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa bu görkeziji 371 müň tonnadan gowrak bolupdy.
Şeýlelikde, şu ýyl geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 35 müň tonna golaý köp önüm öndürildi. Kärhanada önümçiligiň ösüş depgini 9,5 göterime golaýlady.
Geçen ýyl Lebap sement zawodynyň birinji we ikinji tapgyry bilelikde 1,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürdi. Bu görkeziji zawodyň taryhyndaky iň düşümli ýyllaryň biri hökmünde görkezilýär.
Zawodda öndürilýän sement içerki sarp edijilere, şeýle hem goňşy döwletlere ugradylýar. Kärhananyň ikinji tapgyrynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.
Lebap sement zawodynda birinji çärýekde 406 müňe golaý sement öndürildi
23
Apr

