JEMGYÝET

Lebap sement zawodyna halkara güwänama gowşuryldy

 Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde “Thyssenkrupp” kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri halkara ölçeglere, has takygy, Germaniýanyň senagat standartlaryna – DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär.

  Şunuň bilen baglylykda, “Thyssenkrupp Polysius GmbH” kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine degişli güwänamany gowșurdy.

  Mälim bolşy ýaly, zawodyň ikinji tapgyry 13-nji marta Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berildi.