JEMGYÝET

Lebap neşirinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri ýatladyldy

Welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy gullugy welaýat neşiriniň üsti bilen ildeşlerimize ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berk berjaý etmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek ýatladýar. Bellenilişi ýaly, edara-kärhanalarda enjamlaryň talabalaýyk gurnalmagy, wagtynda tehniki ideg edilmegi we elektrik enjamlarynyň dogry peýdalanylmagy ýangyn howpuny azaltmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle-de binalara barýan ýollaryň, geçelgeleriň, girelgeleriň, basgançaklaryň we halas ediş çykalgalarynyň elmydama açyk bolmagy, ýangyn enjamlaryna hem-de gidrantlara barýan ýollaryň beklenmezligi aýratyn talap edilýär.
Neşirde bellenilişi ýaly, kärhanalarda ýangyn gidrantlarynyň işjeň we arassa ýagdaýda saklanylmagy, olaryň ýylda iki gezek — ýaz we güýz pasyllarynda barlanylmagy, ähli önümçilik we kömekçi jaýlaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmegi zerurdyr. Ot söndürijileriň elýeterli ýerlerde, talabalaýyk ýagdaýda ýerleşdirilmegi, içki ýangyn kranlarynyň basyşynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy, gyzdyryjy enjamlarda ýanyjy materiallaryň guradylmagyna ýol berilmezligi ýangynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir. Kärhanalarda ýörite ýangyn-tehniki toparlaryň döredilmegi işgärleriň jogapkärçiligini artdyryp, iş ýerlerinde ýangyna garşy düzgünleriň berk berjaý edilmegine ýardam berýär.