Lebap welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşiginde şu ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda dürli görnüşli gök-miwe gaplamalarynyňdyr miwe şerbetleriniň 6 million 250 müň 420 manatlygy taýýarlanylyp, sarp edijilere ugradyldy.
Has takygy, degişli döwürde birleşikde erik, alma, aýwa, ülje, garaly, setdaly, nar, pomidor, hyýar ýaly dürli görnüşli gök, miwe gaplamalarynyň 1 million 454 müň şertli gaby gaplanylyp, bu baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi.
Geçen alty aýda taýýar önümleriň 1 million 350 müň manatlykdan gowragy ýerlenildi.
Möhüm möwsümde netijeli zähmeti ýola goýan birleşigiň agzybir işgärleri bu görkezijileri has-da artdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.