Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasyna Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 25-nji oktýabrda sanly ulgam
arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada TDH habar
berýär.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň
sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek
maksady bilen kabul edildi.
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler

26
Oct