2026-njy ýylda Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gazturbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenilýär. Maksatnama laýyklykda, Ahal, Derweze, Awaza, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalarynyň gazturbina desgalary utgaşykly ulgama birikdirilip, energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy has-da ýokarlandyrylar. Şeýle hem güýjenmesi 500–400 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy we beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.
Energetika pudagyndaky bu giň gerimli işler Lebap welaýatynda senagat kärhanalarynyň durnukly işlemegine, täze önümçilikleriň döredilmegine hem-de ilatyň elektrik üpjünçiliginiň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsir eder. Döwlet maksatnamasynda şol bir wagtda ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek, täze üstaşyr geçelgeleri ýola goýmak, demir ýol we awtomobil menzilleriniň gurluşygyny tamamlamak ýaly möhüm wezipeler hem kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, sebitleriň, şol sanda Lebap welaýatynyň depginli ösüşine berk esas döredýär.
Lebap döwlet elektrik stansiýasy utgaşykly ulgama birikdiriler
24
Feb

