SPORT WE SYÝAHAT

Lebap atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi

Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. Oňa bedewleriň 50-den gowragy gatnaşdyryldy.
Üçýaşar bedewleriň we olara erk edýän ýaş çapyksuwarlaryň Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Y.Allanazarow tarapyndan erk edilen Almaly atly al aty bilen B.Balakaýewiň Seýran atly gyr bedewi (çapyksuwary Ý.Jummadow) pellehana tas deňme-deň geldiler. Eminleriň gelen netijesine görä, Almaly bir sekundyň 10-dan 1 ülşi bilen öňde geçmegi başardy. Has takygy, 1000 metr aralygy Almaly 1 minut 04,7 sekuntda geçen bolsa, Seýran bu aralyk üçin 1 minut, 04,8 sekuntlyk wagt sarp etdi.
Ählisi 1200 metr aralykda geçirilen soňky dört çapyşygyň içinde ikinji çapyşygynda üçýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşygyň ýeňijisi ― «Türkmengaz» üpjünçilik birleşiginiň Germaw atly al aty 1200 metr aralygy 1 minut 16,1 sekuntda geçdi we birinji orna mynasyp boldy.
Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen üçünji çapyşykda Lebap welaýat häkimliginiň Ýanbermezi (çapyksuwary — T.Taýlyýew) beýleki bäsdeşlerinden saýlanyp, bellenen aralygy 1 minut 17,7 sekuntda geçip, çapyşygyň iň ýokary netijesini görkezdi.
Günüň dördünji çapyşygynyň ýeňijisi, B.Balakaýewiň hojalygyna degişli Algaplaň1200 metr aralygy 1 minut, 17,5 sekuntda geçip, iň ýakyn bäsdeşinden hem üç sekunt çemesi öň pellehana geldi.
Günüň jemleýji çapyşygynda dört we uly ýaşar atlar güýç synanyşdylar. Bu gezek K.Sapardurdyýewiň hojalygyna degişli Kuwwatly atly dor aty pellehanadan 1 minut 21,1 sekuntda geçdi we hemmelerden öň pellehana geldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply