«Lebap» AGPJ-de 2,5 million manatlyk önüm öndürildi
«Lebap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 2 million 541 müň 825 manatlygy öndürilip, meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Bu ýerde şu ýylyň geçen aýlarynda gatyk, syr, dorog ýaly süýt önümleriniň 89 tonnasy, ýagny, 90 müň 935 manatlyga golaýy, mesge ýagynyň 140 tonnasy, 1 million 164 müň 940 manatlygy, şöhlat önümleriniň bolsa 32 tonnasy, pul hasabynda bolsa 166 müň 530 manatlygy öndürildi.
Taýýar önümler ýörite dükanlar arkaly ilata ýetirilýär.