SPORT WE SYÝAHAT

«Lebap» ― üçünji ornuň eýesi

«Lebap» futbol topary 2008 ― 2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde üçünji orna mynasyp boldy. Topar üçünji orun ugrundaky duşuşykda «Balkan» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşda 9 gol geçiren lebaply futbolçy Orazmyrat Garajanowyň iň netijeli oýunçy bolandygyny hem aýtmak gerek. Toparyň tälimçisi Timur Husainow bolsa iň ökde tälimçä goýlan baýraga mynasyp boldy.

GOÝÇÝSM topary ýaryşyň çempiony bolmagy başardy. Topar final duşuşygynda Aşgabadyň «Altyn täjini» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: