YKDYSADYÝET

Lebabyň ýyladyşhanalarynda 1,8 müň tonna gök-bakja önümleri öndürildi

Şu ýylyň tamamlanan üç aýynda etraplaryň ýyladyşhanalarynda gök-bakja önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.

Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy.

Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: