SPORT WE SYÝAHAT

Lebabyň ýygyndysy milli spartakiadada ikinji orny eýeledi

Lebap welaýatynyň ýygyndy topary «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň netijeleri boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda ikinji orny eýeledi.
Ýaryşlarda birinji orny Aşgabat şäheriniň, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň ýygyndy toparlary eýelediler.
Spartakiada bilen ugurdaş geçirilen uniwersiadanyň netijeleri boýunça iň gowy orta mekdepler, hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleri hem-de ýokary okuw mekdepleri yglan edildi. Şeýle hem spartakiadanyň netijeleri boýunça sport ýaryşlarynda öňe saýlanan ministrliklerdir pudaklaýyn edaralar, harby we hukuk goraýjy edaralary yglan edildi.