JEMGYÝET

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň uçurymy ýaşlaryň arasynda ilkinji gezek yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Maksat Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Lebabyň ýörite sungat mekdebinden uçurym bolan talyp ýigit aýdym-saz sungatynda barha öňe ilerleýär. Ol döwrebap we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirmek ussatlygyndan başga-da, kompozitorçylyk ― saz döretmek ukybyna hem eýedir. Ýurduň häzirki zaman aýdymçylarynyň aglabasy saz eserlerini döretmekde Maksat Hudaýberdiýew bilen işleşýär.

Kompozitor talyp bäsleşige Magtymguly Pyraga bagyşlanan aýdym-saz eserleri bilen gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: