MEDENIÝET

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary döwlet bäsleşigine gatnaşar

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary Arkadag şäherinde geçiriljek «Fortepiano» hünäri boýunça döwlet bäsleşigine gatnaşarlar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde geçiriljek bu bäsleşik 20-nji maýda badalga alar.
Bäsleşige Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýerleşýän ýörite sazçylyk hem-de sungat orta hünär okuw mekdeplerinde «Fortepiano» hünäri boýunça bilim alýan 1-nji, 2-nji we 3-nji ýyl talyplary gatnaşarlar. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň hem bu döredijilik synagynda çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet derejesindäki bäsleşigiň esasy maksady ýaş sazandalaryň fortepiano saz guralynda ýerine ýetirijilik ussatlygyny ýokarlandyrmakdan, olaryň döredijilik ukyp-başarnygyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bäsleşik talyp oglan-gyzlara türkmen we dünýäniň meşhur kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirmek arkaly öz zehinini görkezmäge giň mümkinçilik döreder.
Bu döredijilik çäresi fortepiano sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ussatlaryň mirasyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge hem gönükdirilendir. Lebaply talyplaryň bu bäsleşige gatnaşmagy welaýatda sungat bilimine berilýän ünsüň, ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kämilleşmegine döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.