MEDENIÝET

Lebabyň wekilleri Medeniýet hepdeligine gatnaşýarlar

Hepdeligiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlary bilen birlikde Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowanyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Leýla Resulowanyň, welaýatymyzyň medeniýet merkeziniň «Lebap» tans toparynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde welaýatyň muzeý işgärleri tarapyndan Gündogar sebite mahsus dokmaçylyk, kilim, palas, deprek, gargy tüýdük ýaly muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilen sergi ýaýbaňlandyryldy. Şol gün gadymy Änew şäherinde ýerleşýän «Ak bugdaý» muzeýinde Medeniýethepdeligine gatnaşýan muzeý işgärleriniň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
 Özara pikir alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak bilen baglanyşykly bu maslahata welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem gatnaşyp, çykyş etdiler.
Ýurduň döredijilik işgärleri Babadaýhan etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çägindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýde gezelençde boldular we etrap medeniýet merkezinde duşuşyk geçirdiler. Günüň ikinji ýarymynda bolsa Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow
adyndaky medeniýet köşgünde türkmenistanly ýazyjy-şahyrlaryň, şol sanda, lebaply döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Baky Bitaraplyk — dillerde dessan» atly şygryýet agşamy geçirildi.