SPORT WE SYÝAHAT

Lebabyň topary ählihalk spartakiadasynda baýrakly orny eýeledi

Lebap welaýatynyň ýygyndy topary «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň netijeleri boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlarda birinji orny Aşgabat şäheriniň, üçünji orny bolsa Ahal welaýatynyň ýygyndy toparlary eýeledi.
Spartakiada bilen ugurdaş geçirilen uniwersiadanyň netijeleri boýunça iň gowy orta mekdepler, hünär-tehnkki we orta hünär okuw mekdepleri hem-de ýokary okuw mekdepleri yglan edildi. Şeýle hem spartakiadanyň netijeleri boýunça sport ýaryşlarynda öňe saýlanan ministrliklerdir pudaklaýyn edaralar, harby we hukuk goraýjy edaralary yglan edildi.