Lebap welaýat tokaý hojalygynda ýylyň başyndan bäri pürli, ýaprakly we miweli
agaç nahallarynyň 445 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi.
Bulardan başga-da üzümiň, bezeg agaçlarynyň, çöl ösümlikleriniň hem on müňlerçe düýbüni ýetişdirildi. Şu günlerde bolsa geljekki işler üçin agaçlaryň we çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak işleri alnyp barylýar.
Hojalygyň agzybir işgärleri Araly halas etmek maksatnamasynyň çäginde, onuň
zyýanly täsirleriniň öňüni almak işinde hem yhlaslylyk görkezýärler. Munuň
üçin olara Darganata etrabynyň çäginde 10 müň gektar ýer bölünip berlipdir.
Oňa hojalygyň işgärleri tarapyndan çöl ösümlikleri köpçülikleýin oturdylýar. Şu
ýylyň geçen döwründe hojalygyň nahalhanalarynda çöl ösümlikleriniň 350 müň
düýbi ýetişdirilipdir. Taýýarlanylan tohum bolsa bir tonna barabar bolupdyr.
Lebabyň tokaý hojalygy Araly halas etmek maksatnamasyna goşant goşýar

07
Dec