Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda ilkinji gezek geçiren «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginde «Taryhy zenan şahsyýetiň gahrymançylygyny iň gowy dabaralandyran sahna oýny üçin» atly ýörite baýraga mynasyp boldy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, gündogar sebitiň esasy teatry bu bäsleşige «Altynjan hatyn» atly taryhy sahna eseri bilen gatnaşdy. Onuň edebi esasyny ýazyjy Osman Ödäýewiň adybir romany esasynda filolog alym Baýram Akadow ýazdy. Eseri teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy.
Bäsleşige ýurduň teatrlary tarapyndan sahnalaşdyrylan «Mukaddeslige tagzym», «Enä tagzym, tagzym mukaddeslige», «Ene sarpasy», «Ene», «Ynsanlygyň göwher gaşy», «Altynjan hatyn», «Sabyr Ataýewa», «Kärizgenler», «Ene süýdi», «Ejekejan» hem-de «Mährem ene» ýaly sahna oýunlary hödürlenildi.
1-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Onuň netijeleri boýunça Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry «Kärizgenler» diýen sahna oýny bilen «Iň gowy sahna oýny üçin» atly baş baýraga eýe boldy.
Lebabyň teatrynyň täze eseri ýörite baýraga mynasyp boldy
03
Mar

