Kerki etrabynyň çägindäki gadymy Mürzebeggala ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toýundan ýasalan sarymtyl-gyzgylt reňkli ahalteke bedewiniň şekiljigi tapyldy. III — V asyrlara degişli hasaplanylýan bu arheologik tapyndynyň uzynlygy 95 millimetr, beýikligi 70 millimetr, ini 40 millimetr, boýnunyň uzynlygy bolsa 30 millimetrdir. Tapyndy häzirki wagtda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, şekiljikdäki bedewiň kellesinde görkezilen tasma häzirki döwürde atlara dakylýan bezeg esbaplaryny ýadyňa salýar. Şeýle hem heýkelde atyň ýalynyň birsydyrgyn we tekiz görnüşde şekillendirilmegi bedewleri seýislemek we bezemek däpleriniň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändigini görkezýär. Mürzebeggaladan tapylan bu arheologik tapyndy türkmen bedewleriniň taryhyny öwrenmekde ylmy çeşmeleriň biri hasaplanylýar.
Lebabyň taryhy ýadygärliginden bedew şekiljigi tapyldy
07
May

