Lebabyň suw akabalaryna derýa suwy goýberildi
Lebap welaýatynyň suw akabalaryna ýene-de Amyderýanyň süýji suwy goýberildi. Şu ýyl 130 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýän welaýatyň edermen daýhanlary ýuwuş suwuny öz wagtynda geçirmek bilen, oňa degişli agrotehniki çäreleriň ýokary derejede bolmagy ugrunda tagalla edýärler. Ýörite hünärmenler bu işiň ýerlerde geçirilişine gözegçiligi ýola goýdular.
Eýýäm ýuwuş suwunyň iki gezek geçirilmeginiň aralary hem anyklanyldy. Amyderýanyň sag kenaryndaky «Ýylgynagyz», çep kenardaky Bosaga — Kerki, Esenmeňli — Garabekewül suw akabalarynyň öz wagtynda gazylyp arassalanmagy olaryň suw geçirijiligini öňküden ep-esli artdyrdy. Bu bolsa güýzlük ekinleriň-de bol, süýji suw bilen üpjün bolmagyna şert döretdi. Welaýat boýunça bu işiň depgini barha ýokarlanýar.
Howanyň häzirki ýaly amatly günlerinden netijeli peýdalanýan ekerançylar özlerine berkidilen ýerlerde ýaz ekişine taýýarlyk işlerini toplumlaýyn alyp barmak bilen, üstümizdäki ýylyň hasylynyň düýbüni berkden tutýarlar.