JEMGYÝET

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda täze spektakl görkeziler

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri kämil sungat eserlerini sahnalaşdyryp, güýzüň ilkinji güni badalga aljak täze möwsüme taýýarlykly geldiler.

Möwsümiň ilkinji güni teatryň režissýory Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly spektakly görkeziler. Eserde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik ýyllarynda kämillik ýoluna düşüşi, ylahy-pelsepewi garaýyşlary hem-de onuň Meňli gyza bolan söýgüsi çeper beýan edilýär.

Täze spektaklda esasy keşpleri Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, halypa aktýorlar Çary Dolyýew, Bagsere Röwşenowa we sungat älemine gadam goýan ýaş artistler Umida Hemraýewa, Ogulşat Jumaýewa, Remezan Allaberdiýew dagy ýerine ýetirýärler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sahnalaşdyrylan bu spektakl teatryň döredijilik toparynyň mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk toýuna özboluşly sowgady bolar.

 Möwsümde teatrda täze sahnalaşdyrylan sungat eserleriniň ýene birnäçesi tomaşaçylara hödürleniler.