TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebabyň serhetýaka gümrük nokatlarynda döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

Lebap welaýatyndaky gümrük nokatlarynyň 8-si serhetlerde ýerleşip, olaryň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar. Bu bolsa gümrük işleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyz halkara giňişliginde, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän ulag-üstaşyr geçiriş babatyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dünýä döwletlerine oňyn görelde görkezýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara derejeli ulag-üstaşyr geçiriş taslamalarynyň birnäçesine agza bolup durýar. Şol taslamalara laýyklykda, gümrük nokatlarynda her gün ýük ulaglarynyň we otlularynyň ýüzlerçesine hyzmat edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: