JEMGYÝET

Lebabyň öňdebaryjy zenanlary kesgitlenildi

Türkmenabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň binýadynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň 60-a golaýy gatnaşdy.
Zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, el hünärine ussatlygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik sekiz ugurdan ybarat boldy. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Saýat etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy Gülälek Sahatowa, Hojambaz etrap çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Gülşat Sadykowa, Döwletli etrap medeniýet öýüniň tans goýujysy Jennet Akmyradowa, Halaç etrabyndaky 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülälek Gubakowa, Türkmenabat şäherinden harby işgär Maral Jumageldiýewa, Farap etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Narjemal Haitowa, Halaç etrabyndan telekeçi Annagözel Jumageldiýewa, Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annagül Penjiýewa dagy degişli ugurlar boýunça ýeňiji boldular.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.