SPORT WE SYÝAHAT

Lebabyň okuwçylar ýygyndysy milli spartakiadada woleýbol boýunça birinji orny eýeledi

Şu günler «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» diýen at bilen ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda dowam edýän XIII spartakiadada Lebap welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş edýärler.

Spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça welaýatyň okuwçy oglanlary birinjiligi gazandylar.

Toparyň düzüminde Türkmenabat şäherindäki 21, 28, 33-nji orta mekdepleriň we Çärjew etrabyndaky 31, 49-njy orta mekdepleriň okuwçylary çykyş etdiler.

Welaýatyň gyzlar topary bolsa ýaryşda üçünji orna mynasyp boldy. Toparyň düzüminde saýatly mekdep okuwçylary çykyş edip, olary ýaryşa Geldimyrat Halamow we Remezan Öwezow taýýarladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: