Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň binýadynda welaýatymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäginde ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrapdyr şäher tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar dürli mowzuklar boýunça öz taslama işleri bilen gatnaşdylar.
Bäsleşige mekdep okuwçylarynyň dürli ylmy ugurlary boýunça taýýarlan işleriniň jemi ýüzlerçesi hödürlenildi. Ýaş zehinliler dört şert, ýagny, özleriniň taslama işiniň ylmylygy, täzeçilligi, durmuşda ulanylyşy we oýlap tapan işini gorap bilşi boýunça bäsleşdiler.
Netijede okuwçylaryň ylmy-döredijilik işleriniň 50-den gowragy iň gowy işler diýlip bahalandyryldy. Iň gowularyň hatarynda öňe saýlanylan okuwçylar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglanyldy.
Lebabyň mekdep okuwçylarynyň iň gowy taslama işleri saýlanyldy
25
Feb

