Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Iň eýjejik gyzjagaz—2026» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2 — 4-nji synplarda okaýan gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsdeşler şertlere laýyklykda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy we sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar milliligimize, sungatymyza we medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözler arkaly beýan edip, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleri boýunça başarnyklaryny görkezdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Saýat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Gülşat Döwletowa birinji, Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Mähri Şyhyýewa ikinji baýrakly orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýle-de Hojambaz etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň okuwçysy Bossan Meredowa hem-de Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Marýam Röwşenkulyýewa üçünji baýrakly orna mynasyp boldular. Ýeňijiler we bäsleşige işjeň gatnaşan gyzjagazlar guramanyň welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Lebabyň iň zehinli gyzjagazy kesgitlenildi
10
Mar

