SPORT WE SYÝAHAT

Lebabyň iň ýyndam ýeňil atletikaçylary kesgitlenildi

Türkmenabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we Saýat, Dänew, Çärjew, Halaç, Köýtendag etraplaryndan oglan-gyzlaryň 100-den gowragy gatnaşdy.

Türgenler bellenilen 100, 200, 400, 800, 1500 metr, 3 we 5 kilometr aralyklara ylgamak, 110 we 400 metr aralykda päsgelçiliklerden geçmek, uzynlygyna bökmek, disk we naýza zyňmak boýunça ýaryşdylar.

Şeýle-de 4×100 we 4×400 metr aralyklara estafeta ylgawy hem guraldy. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan ýaryşyň umumy netijelerine görä, welaýat merkeziniň topary birinji orna mynasyp boldy.

Türgenler Jemal Çopanowa, Diana Baýazitowa, Atajan Bagyýew, Walentina Lawrenýun toparyň bu üstünligine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Olary ýaryşa tälimçiler Swetlana Pessowa bilen Eldar Hojaýew taýýarladylar.

Saýatly türgenleriň hem ýaryşda cykyşyna ýokary baha berildi. Etrabyň topary ikinji orny eýeledi. Olary ýaryşa tälimçiler Çary Açilow, Gurban Hemraýew we Sapar Abduraýymow taýýarladylar. Çärjewli ýeňil atletikaçylar bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: