Kerki etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Leýli Şirowa «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orny eýeläp, Lebap welaýatynyň iň ussat terbiýeçisi hökmünde saýlanyldy. Türkmenabat şäheriniň 41-nji çagalar bakja-bagynda geçirilen bäsleşige şäher we etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşyp, olar öz iş tejribelerini wideogörnüşlerde görkezdi, usuly gollanmalaryny hödürledi hem-de körpeler bilen okuw sapaklaryny geçdiler.
Netijede Türkmenabat şäheriniň 48-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Nasiba Tagaýewa ikinji, Çärjew etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Zülfiýa Hemraýewa üçünji orna mynasyp boldy. Şeýle-de Dänew etrabynyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Badam Mämmedowa hem-de Garabekewül etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Maýa Jumaýewa höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Lebabyň iň ussat terbiýeçisi saýlanyldy
04
Apr

