Türkmenabat şäher medeniýet öýünde türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp, eli çeper zenanlaryň arasynda «Türkmen keşdeçilik sungaty ― milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Netijede, Darganata etrap häkimliginiň baş hünärmeni Aýsuluw Sultanowa bilen Halaç etrabyndaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Laçyn Möwlýanowa birinji orna eýe bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kardeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Lebabyň iň ussat keşdeçi zenanlary belli boldy
13
Nov
