«Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiadanyň çäklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän XV spartakiada ýaryşlarynyň welaýat tapgyry dowam edýär. Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebinde guralan woleýbol duşuşyklary ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Ýaryşa welaýatymyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlygyny görkezdi.
Oglanlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň topary birinji orny eýeläp, welaýatyň iň güýçli topary hökmünde yglan edildi. Çärjew etrabynyň 15-nji we Garabekewül etrabynyň 19-njy orta mekdepleriniň toparlary degişlilikde ikinji hem üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda bolsa Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebi ýeňiş gazanyp, birinji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň topary ikinji, Saýat etrabynyň 13-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi tarapyndan diplomlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Lebabyň iň güýçli mekdep woleýbol toparlary yglan edildi
26
Feb
