MEDENIÝET

Lebabyň iň gowy hor topary saýlanyldy

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesliň aýdym-saz ukyplaryny ýüze çykarmaga we hor sungatyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen bu çäre, gatnaşyjylaryň ýokary ussatlygyny görkezdi.
Bäsleşigiň dowamynda zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserlerini, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň belent ruhly aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň jemleri boýunça baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:
1-nji orun: Welaýat çagalar sungat mekdebiniň hor topary (Ýolbaşçysy: Roza Nazarowa);
2-nji orun: Dänew we Saýat etraplarynyň çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlary;
3-nji orun: Darganata etrabynyň Gazojak şäher çagalar sungat mekdebiniň hor topary.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda ýeňijilere we işjeň gatnaşan toparlara hormat fermanlary gowşuryldy. Joşgunly çykyşlar ýaşlaryň milli medeniýetimize we aýdym-saz sungatymyza bolan çäksiz söýgüsiniň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.