Lebabyň iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda ýurduň orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň birinji şertinde okuwçy gyzlar el hünärlerini goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde el işlerini ýerine ýetirmek arkaly ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şunda eli çeper gyzlar alaja örmekden, keşde çekmekden başlap, jähek kakmak, haly dokamak ýaly el işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa bäsdeş gyzlar taýýarlan milli tagamlaryny goşgularyň üsti bilen wasp etdiler.
Şeýlelikde bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagy birinji, Kerki etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň «Gunça» gyzlar gurnagy ikinji, Halaç etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň «Gülälek» gyzlar gurnagy üçünji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Birinji orna mynasyp bolan gyzlar gurnagy bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.