Lebabyň iň eli hünärli zenanlary kesgitlenildi
Türkmenabat şäherindäki «Altyn zaman» toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu ýerde guralan şowhunly çärä bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşikde oňa gatnaşan eli çeper gelin-gyzlar ýurdumyzda gazanylýan ösüş-özgertmeler, zenanlaryň erkana zähmet çekmekleri, hünär öwrenmekleri ugrunda alnyp barylýan işler, türkmen lybaslarynyň özboluşly aýratynlyklary, tikin tikmegiň inçe syrlary barada täsirli gürrüň berdiler.
Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatyndan ruhlanyp, öz tiken milli öwüşginli döwrebap lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Olar öz lybaslaryny çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.
Netijede Saýat etrabyndan Gülaýym Myradowa, Dänew etrabyndan Çemengül Açilowa, Çärjew etrabyndan Zülfiýa Hudaýberdiýewa dagy ýeňiji bolmagy başaryp, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan ähli gelin-gyzlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.