Lebabyň gündogar etraplarynda pile tabşyrylyp başlandy
Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynyň edermen ýüpekçileri pile kabul ediş we guradyş bölümlerine senagat üçin gymmatly çig malyň ilkinji kilogramlaryny tabşyryp başladylar.
Kerki etrabynyň ýüpekçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda meýilnamada görkezilen 85 tonna derek 88 tonna pile ýygnamagy maksat edinýärler. Ýüpekçilik bilen şu ýyl kärendeçileriň 843-si meşgullanýar.
Öňdebaryjylaryň onlarçasy ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idedip, eýýäm pile tabşyryp başlady. Şolaryň biri Guwak geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendeçi Bahargül Gurdowadyr. Bahargülüň bu ugurdan 32 ýyllyk iş tejribesi bar. Ol her ýyl ýüpek gurçugyndan bol pile alýar. Ussat ýüpekçi geçen ýyl hem 217 gram ýüpek
gurçugyndan 653 kilogram ýokary hilli pile almagy başardy. Bahargülüň üstümizdäki ýylda öz öňünde goýan maksady 250 gram gurçuk tohumyndan şertnamalaýyn borçnamada görkezilen 525 kilograma derek 650 kilogram piläni Watan harmanyna tabşyrmakdan ybarat.