Lebabyň galla harmanlary täze möwsüme taýýar edildi
Lebap welaýatynda gowaça ekilen meýdanlarda kadaly ösüş almak maksady bilen, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek, bugdaý meýdanlarynda degişli ideg işleri dowam edýär. Bu barada welaýat häkimi Ş.Amangeldiýew 13-nji maýda geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanyna habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak üçin galla kabul ediş kärhanalary taýýar edildi. Welaýatda pile möwsümi dowam edip, häzirki wagtda ýetişdirilen pile ýygnalyp alynýar. Şeýle-de häkim maý aýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli welaýatda guraljak dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça, bugdaý ekilen meýdanlardaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.