MEDENIÝET

Lebabyň döredijilik toparlary Medeniýet hepdeligine gatnaşar

Gadymy Ahal topragynda geçiriljek bu hepdelige Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem uly topary gatnaşar.
Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda ýaýbaňlandyryljak dabaraly konserte welaýat medeniýet merkeziniň «Lebap» folklor-tans hem-de Saýat etrabynyň «Çapak» folklor toparlary Jeýhun derýasynyň ýakasyna mahsus milli mirasymyzy, mukaddes däplerimizi şöhlelendirýän «Noý-noý» hem-de «Çapak» tanslary, Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň
döredijilik topary hem ajaýyp zamanamyzy wasp edýän edebi-sazly kompozisiýasy bilen gatnaşarlar.