«Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat ýol we desgalar edarasynda otlularyň howpsuz gatnawlaryny amala aşyrmakda gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda welaýatyň çäginde edara degişli 642,41 kilometr polat ýollary bolup, olaryň 435,2 kilometri esasy ýollardyr. Bu demir ýollaryň ugrunda demirýol geçelgeleriniň 52-si bar. Şeýle-de uzyn sepsiz relsleriň 455 jübüti bolup, olaryň hem 423 jübüti esasy ýollarda, 32 jübüti hem stansiýa barýan ýollarda gurnalandyr.
Şu ýylyň geçen üç aýynda demir ýollaryň jemi onlarça kilometrliginde abatlaýyş-bejeriş işeri geçirildi. Mundan başga-da, bu döwürde Türkmenabat we Farap stansiýalarynda geçiriji relsleriň ikisi çalşyldy. Zerur ýerlere geçiriji pürsleriň täzeleri goýuldy. Emeli desgalar bolan demirýol köprülerinde-de suw akymlaryny arassalamak, köprüleri reňklemek, bölekleýin suwag etmek ýaly abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Demir ýollary abat saklamak we demir ýol hadysalarynyň öňüni almak boýunça zerur bolan gorag tokaý agaçlaryny oturtmak, çägeden goraýjy metallary taýýarlamak, demirbeton şpallary, agaç şpallarydyr pürsleri täzelemek işleri hem göwnejaý ýerine ýetirildi.
Lebabyň çägindäki demir ýollara yzygiderli gözegçilik edilýär

17
Apr