MEDENIÝET

Lebabyň çagalar kitaphanasy täze okyjylaryň onlarçasyny hasaba aldy

Lebap welaýatynyň çagalar kitaphanasynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen okyjylaryň sany artdy. Okuw ýylynyň ilkinji günlerinde kitap okamaga höwesek onlarça çaga täze okyjy hökmünde bellige alyndy. Kitaphanada ýaşlarda okamak endiklerini ösdürmek üçin dürli çäreler guralýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde bäsleşik yglan edildi. Bäsleşik geljek ýylyň maý aýynda tamamlanar, iň köp kitap okap üstünlik gazanan okyjylar höweslendiriler.
Kitaphananyň göçme kitap sergileri çagalarda okamak islegini artdyrýar hem-de täze okyjylaryň köpelmegine mümkinçilik döredýär. Kitap gorunyň üsti yzygiderli ýetirilýär, täze neşirler okyjylara hödürlenýär. Ýakynda çagalar edebiýatynyň geçen asyryň meşhur awtorlarynyň eserleriniň gaýtadan neşir edilmegi kitaphananyň baýlygyny has-da artdyrdy we bu kitaplar häzirki wagtda kitaphananyň fondynda elýeterli.